Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi.
Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy.