Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder. Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Indi öz araňyzdaky keseki hudaýlary aýryp taşlaň we tutuş ýüregiňiz bilen Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň» diýdi. Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi. Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady. Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, sadyk söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi. Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi. Men bir milleti ýa-da patyşalygy sogrup taşlamak, ýumrup ýok etmek barada jar etsem, emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.
Выбор основного перевода