Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn! Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir: Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi. Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy. Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy. Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy. Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady. Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy. Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl, Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor, Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut, Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy. Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih diýip atlandyrylan Isa doguldy. Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly, Eliý Mattadyň, Mattat Lewiniň, Lewi Melkiniň, Melki Ýannaýyň, Ýannaý Ýusubyň, Ýusup Mattatýanyň, Mattatýa Amosyň, Amos Nahumyň, Nahum Esliniň, Esli Nagaýyň, Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň, Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň, Neri Melkiniň, Melki Addynyň, Addy Kosamyň, Kosam Elmadamyň, Elmadam Eriň, Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi. Olar Hudaý baradaky hakykaty galp zatlara çalyşdylar. Ýaradana däl-de, ýaradylan zatlara sežde we hyzmat etdiler. Emma baky şöhrata diňe Ýaradan mynasypdyr. Omyn! Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Ähli zatdan öň bar bolan Oldur, ähli zatlar Ol arkaly mäkäm durandyr. Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur. Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi.
Выбор основного перевода