Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez. Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady. Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar». Siz Mukaddes Ýazgydaky: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar. Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz». Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.
Выбор основного перевода