Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar. Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb höküm edişi ýaly, bütin ýer ýüzünde heläkçiligi amala aşyrar. Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler. Şonuň ýaly häzirki wagtda hem Hudaýa sadyk galanlar bar. Olar Hudaýyň merhemetine görä saýlananlardyr.
Выбор основного перевода