Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler. Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder. Hany, tur, aýak üstüne gal. Men seni hyzmatkärim hem şaýadym edip saýlamak üçin saňa göründim. Sen öz gören we Meniň görkezjek zatlaryma şaýatlyk edersiň. Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin. Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi. Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde, Ýygnagyň ýolbaşçylary Hoş Habary ýahudylara wagyz etmekligiň Petrusa berlişi ýaly, maňa-da ýahudy dällere wagyz etmekligiň berlendigini gördüler. Hudaý ýamanlyk edýän her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere muşakgat we hasrat berer.
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода