Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez. Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler. Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys. Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода