Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler, guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler. Ýerden sora, saňa öwreder ol, deňziň balyklary saňa aýdyp bererler. Muny Rebbiň eliniň edendigini bularyň haýsysy bilýän däldir? Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär. Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä. Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň. Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry, Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar. Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan. Musanyň Kanuny ýahudy dällere berilmedi. Ýöne olar tebigy duýgurlygyna eýerip, bu Kanunyň talaplaryny berjaý edenlerinde, Kanuny bilmeseler-de, oňat we erbet işleri saýgarýandyklaryny görkezýärler. Şeýdip, edýän işleri arkaly Kanunyň parzlarynyň öz ýüreklerine ýazylandygyny mälim edýärler. Olaryň wyždanlary hem munuň şeýledigini tassyklaýar, sebäbi öz pikirleri olary käte aýyplaýar, käte bolsa aklaýar.
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода