Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym. Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda Isa Mesihiň güýji arkaly Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin. Eý, doganlar, biz oý-pikirlerimizde siziň bilen bolsak-da, didaryňyzdan az wagtlyk mahrum edildik. Şonda biziň sizi örän göresimiz geldi! Siziň didaryňyzy görmek üçin elimizden gelenini etdik. Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.
Выбор основного перевода