Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň. Mysal üçin, käbirleriň imany hemme zady iýmäge ygtyýar etse, käbirleriňki diňe gök önümleri iýmäge ygtyýar edýändir. Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir. Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr. Käbir adamlar bir güni beýleki günlerden has wajyp saýýandyr, käbirleri bolsa hemme günleri deň görýändir. Goý, mundan beýlägem her kim öz ynanjyna görä pikir edibersin. Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir. Hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç birimiz özümiz üçin ölýän däldiris. Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris. Sebäbi Isa Mesih ölüleriň-de, dirileriň-de Rebbi bolmak üçin ölüp, direldi. Onda näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyzy ýazgarýarsyňyz? Näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyza äsgermezlik edýärsiňiz? Biziň barymyz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly dälmi näme? Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin, her kes öňümde dyz eper, her bir dil Meni alkyşlar“ diýýär». Hawa, her birimiz Hudaýyň öňünde özümiz üçin jogap bereris. Siz dini baýramlara: mukaddes günlere, Täze Aý baýramlaryna, pasyl baýramlaryna we ýyllara üns berýärsiňiz ahyryn! Men siz babatda uly alada galýaryn. Eýsem meniň zähmetim biderek bolaýarmyka?
Выбор основного перевода