Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Hatymy okanyňyzda, Mesihiň bu syryna meniň näderejede düşünýändigimi aňarsyňyz. Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin. Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär. Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr. Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.
Выбор основного перевода