Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar. Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. Kim haýsy halda çagyrylan bolsa, şonda-da galsyn. Sen gul wagtyň çagyryldyňmy? Goý, bu seni biynjalyk etmesin. Ýöne azat bolup bilýän bolsaň, pursady elden giderme. Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr. Siz uly baha satyn alyndyňyz. Adamlaryň guly bolmaň! Eý, doganlar, her kes Hudaý tarapyndan nähili halda çagyrylan bolsa, goý, şol halda-da galsyn.
Выбор основного перевода