Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi. Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys. Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys. Mukaddes Kanun bizi, ýagny Mesih arkaly aklanmakçy bolýanlary hem günäli çykarýar. Onda Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok, bu düýbünden beýle däl! Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».
Выбор основного перевода