Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar». Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn! Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi. Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi. Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.
Выбор основного перевода