Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim. «Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler. Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler. Ýusubyň neslinden manaşa we efraýym tireleri gelip çykdy. Musa lewilere ýerden paý bermändi, olara ýaşamak üçin diňe galalary, maldarçylyk we başga emläkleri üçin öri meýdanlaryny beripdi. Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.
Выбор основного перевода