Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň? Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň? sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur. Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr. Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.
Выбор основного перевода