Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir. Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar. Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň. Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler. Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys. Siz bir tarapdan, hemmeleriň öňünde kemsidilmelere we muşakgatlara sezewar edildiňiz, beýleki bir tarapdan, şeýle ýagdaýa uçranlaryň derdini deň çekişdiňiz.
Выбор основного перевода