Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Yshak Ýakuba pata berip, ol kakasynyň ýanyndan çykan dessine, dogany Ysaw awdan gaýdyp geldi. Ol hem kakasyna tagamly nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata ber» diýdi. Yshak oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men seniň nowbahar ogluň Ysaw» diýip jogap berdi. Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi. Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady. Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi. Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi. Yshak oňa: «Men ony saňa baştutan etdim, ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär edip berdim. Oňa nandyr şerap berdim. Indi men saňa näme bereýin, oglum!» diýdi. Emma Ysaw kakasyna: «Kaka, sende bary-ýogy ýeke pata barmydy näme, maňa-da pata ber-dä!» diýip, içigip-içigip aglady. Kakasy Yshak oňa şeýle jogap berdi: «Seret, seniň mesgen tutjak ýeriňde gökden çyg düşmez, ol mes toprakly ýerden uzak bolar. Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».
Выбор основного перевода