Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şeýlelikde, men durmuşda şeýle ýörelgäniň bardygyny bildim: oňat işi etmekçi bolan badyma, mende ýamanlyk häzir bolýar. Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň. Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris. Şoňa görä-de, men maksatsyz ylgaýanlar ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan kişi ýaly hereket etmeýärin. Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin. Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň. Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.
Выбор основного перевода