Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Kerem edip, Hudaý janymy alsady, elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi! Bu maňa teselli bolardy, güýçli dert içinde hem begenerdim, çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim. Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä? Daşdanmy güýjüm? Bürünçdenmi tenim? Alaçsyz galanymda, özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi? Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir. Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr, akar suwly çeşmeler kimindir. Çeşmeler buzlar erände daşýarlar, gar suwlaryndan dolýarlar. Jöwzada çeşmeler guraýarlar, yssyda gaýyp bolýarlar. Kerwenler ýollaryndan sowlup, suw gözleginde entäp heläk bolýarlar. Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylary umytda bolýarlar. Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, ol ýere gelip, ruhdan düşýärler. Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz, betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz. Men size: „Maňa zat beriň, baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi? Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur, Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy. Hudaý gadymy dünýäni hem aýamady. Ol hudaýsyzlar dünýäsini sil aldyrdy, diňe dogruçyllygyň wagyzçysy Nuhy we ondan başga ýedi kişini aman galdyrdy.
Выбор основного перевода