Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şimşon olaryň üstüne gazap bilen topuldy-da, olaryň injiklerini we uýluklaryny döwüşdirdi. Şondan soň, ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi. Şimşon Rebbi çagyrdy-da: «Eý, Hökmürowan Reb, meni ýadyňa sal. Eý, Hudaý! Maňa ýene bir gezejik kuwwat ber, iki gözüm üçin, piliştliler bilen bir gezekde hasaplaşaýyn» diýdi. Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýdi. Şadrak, Meýşak we Abednego bolsa daňlyp, ýanyp duran küräniň içine ýykyldylar. Şol wagt Nebukadnesar patyşa gorkudan ýaňa aňk bolup, haýran galyp, çaltlyk bilen ör-boýuna galdy. Ol geňeşçilerine ýüzlenip: «Biziň daňyp, oduň içine atanymyz üç adam dälmidi näme?» diýdi. Olar: «Dogry, eý, patyşahym!» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.
Выбор основного перевода