Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady. Baryp, ol gyz bilen gepleşdi; ol Şimşonyň göwnüne ýarady. Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin». Olar: «Sen bize al hem salmadyň, bizi ezmediňem, hiç zadymyza el-de urmadyň» diýdiler. Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin». Ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak güni Hudaý Öz pygamber gullaryna yglan edişi ýaly, Onuň syry amala aşar».
Выбор основного перевода