Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahudanyň haty
1
Параллельные места
Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar. Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar. Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi. Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar. Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar. Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler. Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk. Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi». Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler. Daň atandan soň perişdeler: «Gala weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar. Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar. Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi. Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym! Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn. Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn. Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn». Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men şol diýýän galaňy weýran etmerin. Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy. Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi. Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi. Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin. Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
Ýahudanyň haty
1
Выбор основного перевода