Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahudanyň haty
1
Параллельные места
Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr. «Öz barlygymdan ant içýärin, çopanyň ýoklugy üçin Meniň goýunlarym talandy we ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopanlarym goýunlarymy idemediler, olar sürini bakman, özlerini bakdylar». Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular. Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl. Sebäbi nahar iýeniňizde, getiren naharyňyzy başgalar bilen paýlaşman, özüňiz iýýärsiňiz. Şeýdip, biri aç galýar, başga biri bolsa eýýäm serhoş. Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok! Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys. Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar. Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.
Ýahudanyň haty
1
Выбор основного перевода