Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahudanyň haty
1
Параллельные места
Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys. Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär. Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“». Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
Ýahudanyň haty
1
Выбор основного перевода