Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin. Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn. Ýer boş galmaz ýaly we ýyrtyjy haýwanlar garşyňyza köpelmez ýaly, Men duşmanlaryňyzy siziň öňüňizden bir ýylyň dowamynda kowjak däl. Siz köpelip, ýeri eýeleýänçäňiz, Men olary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn. Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň. Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.
Выбор основного перевода