Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy. Her gezek bulut mukaddes çadyrdan aýrylyp süýşende, ysraýyllar hem öz ýollaryny dowam etdirerdiler. Emma bulut ol ýerden aýrylmasa, tä bulut süýşýänçä, olar hem göçmän oturardylar. Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy. Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi. Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň. Näme üçin lybasyň gyrmyzy, eşigiň üzüm sykýanyňky kimin?
Выбор основного перевода