Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur». Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir milletde görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görer, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin. Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň».
Выбор основного перевода