Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllara aýt, çyra hemişe ýanyp durar ýaly, goý, olar saňa çyra üçin sap zeýtun ýagyny getirsinler. Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun. Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.) Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun. Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi. Şol wagt tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir perişdesi Zekarýa göründi.
Выбор основного перевода