Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. «Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin. Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal bolsun. adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş al. Bir şekel iki mysgala deňdir. Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş bolsun. Bir şekel iki mysgala deňdir. Bir şekel ýigrimi gera deň bolsun; bir mina ýigrimi şekele, ýigrimi bäş şekele we on bäş şekele deň bolsun. Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar.
Выбор основного перевода