Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkegini ýekeme-ýeke hasaba al. Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz. Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun. Size kömek etmeli adamlar şulardyr: Ruben tiresinden Şedeýuryň ogly Elisur; «Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi. Biz öz tapan altyn şaý-seplerimizi: uly we kiçi bilezikleri, möhürli ýüzükleri, gulakhalkalary we asyklary öz günälerimizden saplanmak üçin, Rebbiň huzuryna sadaka getirdik». Reb ir säherden başlap, tä bellenen möhlet dolýança, Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi. Dandan Beýerşeba çenli aralykda ýaşaýan ilatdan ýetmiş müň adam bu keseliň pidasy boldy. Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Выбор основного перевода