Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi. Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi. Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini berk talap edýärdiler. Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar. Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň. Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.
Выбор основного перевода