Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi. Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin. Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler. Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler. Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny Ýakubyň nesline şuny aýt: „Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim. Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur». Şeýlelikde, Musa gelip, ysraýyllaryň ýaşulularyny çagyrdy we Rebbiň buýran sözleriniň hemmesini olara aýan etdi. Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi. Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda, Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar. Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek. Sen adamlar üçin dagyň töweregine araçäk belle we olara aýt, olar daga çykmasynlar ýa-da onuň araçägine aýak basmasynlar. Kimde-kim dagy ellese, ol öler. Oňa el degrilmezden daşlanyp öler ýa-da ok ýaý bilen atylar. Isle haýwan bolsun, isle ynsan bolsun, ol diri galmaz. Şahdan edilen surnaýyň owazy batly çalnandan soň, olar daga çykyp bilerler». Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular. Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi. Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler. Musa adamlary Hudaý bilen duşurmak üçin, düşelgeden çykaryp getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy. Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi. Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy. Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar. Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi. Musa Rebbe: «Adamlar Sinaý dagyna çykyp bilmezler, çünki bize dagyň daşyna araçäk belläp, ony mukaddeslemegi Seniň Özüň tabşyrdyň ahyry» diýdi. Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi. Şeýlelikde, Musa aşak düşüp, adamlara ähli zady gürrüň berdi. Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!» Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.
Выбор основного перевода