Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun. Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik. Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik. Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et.
Выбор основного перевода