Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da loly aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly, diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“». Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
Выбор основного перевода