Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi. Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi. Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi. Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi. Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi. Dawut bu sowgatlary-da ähli boýun egdirenlerinden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi. Ruhanylar bulut sebäpli Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy. Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy. Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler. Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi. Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy. Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir. Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Выбор основного перевода