Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi. Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar. Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi. Men iki amor hanyny howsala salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykardym. Siz olary öz gylyçlaryňyz bilen ýa-da ok-ýaýlaryňyz bilen ýeňmediňiz. Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».
Выбор основного перевода