Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme. Eger bir ýalançy şaýat birine ýaramaz niýet bilen günä ýüklese, onda dawagärleriň ikisi hem Rebbiň huzuryna, şol döwürde hyzmat edýän ruhanylaryň we kazylaryň huzuryna barsyn. Kazylar gowy edip derňew geçirsinler. Eger şaýat adam ýalan güwälik berip, başga biriniň garşysyna ýalan sözleýän bolsa, onda siz şol günäkärlenýäne nähili jezany niýetlän bolsaňyz, şol jezany ýalan güwälik edene beriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň». Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar. Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar. Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip: «Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi. Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler.
Выбор основного перевода