Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler. Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi. Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder. mähelleden juda gorkup, olaryň ýigrenjinden heder edip, dymyp, daşa çykman, ýürekde etmişlerimi gizläp, beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin. Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi. Şonda Pilat Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi. Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy.
Выбор основного перевода