Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, men guýynyň başynda durun. Galanyň gyzlary guýudan suw çekmäge gelýärler. Rebeka Ybraýymyň hyzmatkärine suw bereninden soň: «Men siziň düýeleriňizi-de ganýança suwa ýakaryn» diýdi. Ol başyny galdyranda, onuň gözi açyk meýdandaky bir guýa düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Bu goýun sürüleri şol guýudan suwa ýakylýardy. Guýynyň agzynda ullakan bir daş bardy. Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi. Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi. Ýokarlygyna gala çykyp barýarkalar, olaryň öňünden suwa barýan gelin-gyzlar çykdy. Ol ikisi bulardan: «Görgür şu ýerdemi?» diýip soradylar.
Выбор основного перевода