Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin. Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady. Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler. Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna, Hudaýyň dagyna geldi. Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.
Выбор основного перевода