Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim. Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz. Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler.
Выбор основного перевода