Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar. Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur. Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar. Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr. Rebbiň öňünde derýalar ellerin çarpsyn, baýyrlar joşgunly nagmalar aýtsyn, çünki Ol ýer ýüzüne kazylyk etmäge gelýär. Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk eder, halklara ýüz görmezlik bilen kazylyk eder. Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi. Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy, öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.
Выбор основного перевода