Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi. Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler. Rebbiň saýlajak ýerindäki aýdylan çözgüt boýunça iş tutuň. Olaryň size beren görkezmeleriniň hemmesini yhlas bilen ýerine ýetiriň. Olar size näme tabşyrsa, berjaý ediň, çykarylan höküm boýunça iş tutuň. Özüňize aýdylan çözgütden saga-da, çepe-de sowulmaň. Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň. Bütin halk muny eşidip gorkar we mundan buýana hyýanatçylyk etmez.
Выбор основного перевода