Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler. Pihahyrotdan çykyp, deňziň içi bilen çöle tarap gitdiler. Etam çölünde üç günläp ýöräp, Marada düşlediler. Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň. Ol deňzi gury ýere öwürdi; olar derýadan pyýada geçdi; Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk. Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi, suwlary bir üýşmek kimin duruzdy. Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler. Iman arkaly ysraýyllar Gyzyl deňizden gury ýerden geçýän dek geçdiler. Müsürliler hem geçmäge synanyşyp, gark boldular.
Выбор основного перевода