Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb esgerdir. Onuň ady Rebdir. Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir. Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“ diýdim». «Meniň ýanyma gelip, Gibgona hüjüm etmäge ýardam ediň, sebäbi gibgonlylar Ýeşuwa hem-de ysraýyllar bilen ýaraşyk baglaşypdyrlar». Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir. Rebbiň Ysraýylyň duşmanlarynyň garşysyna eden söweşi barada eşidenlerinde, ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy indi. Şonuň üçin siz surnaý sesini eşiden badyňyza biziň ýanymyza ýygnanyşyň. Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýdim. Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.
Выбор основного перевода