Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler. Çünki Gyzyl deňizden geçenimizde, Hudaýyňyz Rebbiň biziň üçin onuň suwuny guradyşy ýaly, siz geçýänçäňiz Iordanyň suwuny-da guradandygyny olara aýdyň. Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň. Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady, olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi. Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy. Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň? Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede? Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim? Atyň büdremän çölden geçişi dek olar-da büdremediler.
Выбор основного перевода