Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi. Faraon olara: «Siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken. Ýok! Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan kowuldylar. Soň faraon Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi. Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi.
Выбор основного перевода