Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar. Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Ýedi günläp Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“». Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Şu aýyň on bäşi güni baýramdyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň. Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler. Ýedi toklynyň her biri üçin, bir batmanyň ondan bir möçberindäki uny hödür etsinler. Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler. Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler. Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin. Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler.
Выбор основного перевода