Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn. Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr».
Выбор основного перевода